Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ikinji üstaşyr konteýner otlusy Türkmenistandan geçip, Eýrana bardy

17:5802.10.2022
0
17231
Russiýanyň ikinji üstaşyr konteýner otlusy Türkmenistandan geçip, Eýrana bardy
Surat: IRNA

Russiýadan Hindistana barýan ikinji synag konteýner otlusy türkmen-eýran serhedindäki Sarahs demir ýol gözegçilik nokadyndan geçip, Eýrana bardy. Bu barada güni Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň başlygy Miad Salehiniň sözlerine salgylanyp, IRNA habar berdi.

Bellenilişi ýaly, synag konteýner otlusy Russiýadan Eýrana iberildi. 37 konteýnerden ybarat bolan bu otly bellenilen stansiýa dökün eltip berer. Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Eýrana gelen otly anna güni Bandar Abbasdaky Şahid Rajai portuna barar.

Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň çäklerinden geçýän demir ýoluň uzynlygy 8 müň kilometrden gowrakdyr. Mundan ozal ilkinji synag konteýner otlusy şu ýylyň 12-nji iýulynda Moskwa sebitindäki Çehow stansiýasyndan Hindistandaky Nawa-Şewa portuna iberilipdi. 40 konteýnerden ybarat otly niýetlenen duralga gurluşyk materiallaryny eltdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň