Soňky habarlar

Arhiw

Sport syny: Göroglynyň batyrlygyny saýlan Sautgeýt

23:5201.10.2022
0
23586
Sport syny: Göroglynyň batyrlygyny saýlan Sautgeýt
Surat: Football24

Bilşimiz ýaly, Angliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynda öte şowsuz çykyş etdi. Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýüze çykan bu ýagdaýyň iňlis futbol jemgyýetçiligini howatyrlandyrandygy şübhesiz. Şonuň üçin hem, şu günler milli ýygyndynyň baş tälimçisi Garet Sautgeýte tarap tankyt daşlary oklanýar. Şulary göz öňünde tutup, «Turkmenportal» Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi barada çaklaňja syn taýýarlady.

Hakykatdan hem, Garet Sautgeýt Angliýanyň milli ýygyndysynda uly töwekgellige el urýar. Ol bu göçümler arkaly ýa millet gahrymanyna öwrüler, ýa-da futbol Watanyndaky janköýerleriň uly ýigrenjine sezewar bolar. Bir tarapdan seredeniňde, Sautgeýtiň tälimçiliginde Angliýa ýarym asyrdan gowrak arakesmeden soňra ilkinji gezek uly ýaryşyň finalyna çykmagy başardy. Ýöne muňa garamazdan, Sautgeýt hemişe tankytlara duçar bolýar, aýdylyşyça ol Angliýanyň altyn nesliniň mümkinçiliklerini ýoga çykarmak bilen meşgul eken.

Şu ýerde teňňäniň ikinji tarapy orta çykýar. O nähili altyn nesil?! Sebäbi iňlis futbolunyň taryhynda hemişe şöhlesi göz gamaşdyryjy ýyldyzlar ýygyndyda top depipdiler ahyry... Jerrard, Lempard, Bekhem, Ouen, Runi — bularyň ählisi iňlis futbolunyň rowaýaty oýunçylary we olar bilelikde bir düzümi emele getiripdiler. Şol düzüm bilen hem Angliýanyň milli ýygyndysy mundialyň hatda ýarym finalyna-da aýak basmandy, şeýle bolansoň, Sautgeýte Sterling, Maunt we Sançolardan ybarat toparyň netijeler babatda nägilelik bildirmek näderejede dogruka?!

Bu ýerde mesele başga tarapda. Sautgeýt ozalky kärdeşlerinden tapawutlylykda, hemme janköýerleriň göwnünden turjak, taýýar we özi üçin howpsuz ýollardan ýöremegi islemedi. Tankytlaryň esasy sebäbi hem hut şol: onuň üstüni sowaldan gömýärler — näme üçin Trend Aleksandr-Arnold esasy düzümde oýnamady, näme üçin Sanço milli ýygynda çagyrylmady, Maguaýra nädip ynanyp bolýar, Griliş näme üçin Ýewropa çempionatynda örän az meýdança çykdy... Bu sowallara sebäp bolýan kararlar, haçan-da, topar kubogy başy üzre belende galdyrdan ýagdaýynda tälimçini ägirde öwürýär, tersine bolsa welin, olar has belent sesde ýaňlanmaklaryny dowam etdirýärler.

Ýakyn taryha ser salanymyzda, oýun babatda juda gözegelüwli Angliýany görmek bolýar. Şol Angliýa barada, «wah, şonda Bekhem gyzyl almadyk bolsa, Argentinany, Runi meýdançadan kowulmadyk bolsa Portugaliýany utardyk» ýaly ahmyrlar henizem dilden-dile geçip ýaşap ýörler. Lempardyň hasaplanmadyk, soňlugy bilen VAR-yň oýlanyp tapylmagyna sebäp bolan goly, sähelçe şowsuzlyk sebäpli elden giderilen penaltiler seriýalary hem şol ahmyrlaryň hatarynda. Diýjek bolýanymyz, şol gözegelüwli oýun oýnaýan Angliýanyň her bir ýeňlişi üçin bahanalar gaty köpdi. Tälimçi bolsa, hemişe günäsizdi. Aslynda, şol oýunlarda ýeňiş üçin başgaça düzüm bilen, başgaça taktik görnüşde hereket edip bolmazmydy diýen sowal hakda hiç kim pikir hem etmeýär. Sebäbi şol wagtky tälimçiler hemmeleriň isleýşi ýaly, köpçülik tarapyndan dogry hasaplanylan kararlary kabul edipdiler. Başgaça aýtsak, eliňde hem Jerrard, hem Lempard bar mahaly olaryň birinden ýüz öwrüp, oýundaky deňagramlylyk we goragyň ygtybarlylygy üçin Karrigi saýlamasaň, tankytlardan aňsatjak gutulmak mümkin. Çünki oýundan soňra hiç kim Karrigiň näme üçin oýnamandygy barada sowal bermeýär.

Sautgeýt bolsa, başga ýoly saýlady. Ol şeýle bir ýol welin, milli ýygyndy taryhdaky iň gowy netijäni gazanmagy mümkin, ýöne oýun gözegelüwli bolmaz. Öňki ýyllardaky ýaly owadan oýun bilen on ýyllyklaryň dowamynda ýatda galyjy ýagdaýda ýeňlişe sezewar bolmaz. Ýöne Sautgeýt bu ýoly saýlamak bilen, her bir ýeňlişden soňra meýdança çykmadyklar baradaky sowallara jogap bermek täleýini öz boýnuna satyn aldy. Her bir ýeňlişden soňra her bir janköýer, her bir hünärmen şol oýunda ýeňiş gazanmagyň müňläp ýollarynyň bolandygyny, özleriniň esasy düzümleriniň Sautgeýtiňkiden has güýçlüdigini ýanjamaga başlaýar. Otly ugrandan soňra her kimiň öňe sürýän taktik pelsepesi Sautgeýtiňkiden kämilräk, janköýerler we žurnalistler tarapyndan düzülen islendik düzüm tälimçiniňkiden rüstemräk görüniberýär.

Hawa, bu karar — aşa töwekgelçilikli ýol. Ýöne Sautgeýt ilkibaşda bu ýoldaky her bir kynçylyga boýun bolup, şony saýlady. Türkmençeläp aýtsak, ol Görogly begiň aýdyşy ýaly, «Dogan günüm ölüp men, // Diýen gelsin bu meýdana» diýip, bu ýola gadam basypdy. Ýoluň ahyrynyň nähilidigi baradaky sowala bolsa Katardaky geçiriljek mundialda jogap taparys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň