Soňky habarlar

Arhiw

Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellenildi

21:2901.10.2022
0
43598
Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, Muhammetrahym Öwezmuhammedowiç Öwezow Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Allaberdi Aşirow Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinebellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň