Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti demir ýol düzümini kämilleşdirmegi has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy

18:3001.10.2022
0
47527

30-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurduň demir ýol ulaglary ulgamynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, halkara şertnamalara hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzümine degişli häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmalydygyny hem-de demir ýol boýunça ýük daşalyşynyň möçberiniň has-da artdyrylmagyny gazanmalydygyny nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutany agentligiň ýolbaşçysyna pudagyň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň