Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň ýolbaşçylaryny gutlady

09:0001.10.2022
0
9722
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň ýolbaşçylaryny gutlady
Surat: ria.ru

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, şeýle hem ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany öz gutlag hatynda hytaý halkynyň zähmetiniň, parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, geçen döwrüň içinde Hytaý Halk Respublikasynyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny, täze eýýamda hytaý özboluşly aýratynlygy mahsus bolan sosializm baradaky taglymatlaryň hytaý halkyny «Hytaý arzuwyny» durmuşa geçirmegiň bähbidine täze ägirt uly üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde Türkmenistanyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurtda Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilen sammitiniň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen bolan duşuşygy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, şol duşuşygyň barşynda birnäçe möhüm meseleler boýunça özara pikir alşylandygyny, wajyp ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, bu duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, iki tarapyň hem netijeli çäreleri amala aşyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, ýurduň mundan beýläk-de yzygiderli depginli ösüş ýoluny kesgitleýän möhüm syýasy waka boljak Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX Ählihytaý gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň