Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýeti ÝUNISEF bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdi

14:3401.10.2022
0
31171

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýeti (TGÝAMJ) we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) özara düşünişmek hakynda Ähtnama we adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleriň maksatnamasy hakynda degişli resminama gol çekdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Şu iki resminamalara gol çekilmegi adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak, ilatyň talabyny kanagatlandyrmak maksady bilen, öz mandatynyň we ygtyýarlygynyň çäklerinde taraplaryň hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar.

Özara düşünişmek baradaky Ähtnama ynsanperwer ýagdaýlarda TGÝMJ-niň we ÝUNISEF-iň ulanjak esasy serişdeleriň ätiýaçlyk gorlaryny ammarlarda saklamak we dolandyrmak üçin bilelikdäki giňişligi üpjün edýär. Adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleriň maksatnamasy hakynda Resminama çökgünlik ýagdaýy dörän pursadyndan 24 sagadyň içinde işjeňleşdiriljek ätiýaçlyk ynsanperwer maksatnamasydyr. Ol ilata ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça bilelikdäki çäredir.

Bu iki resminama ilatyň derwaýys talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ilkinji nobatda zerur zatlarynyň bolmagyny kepillendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň