Türkmenistanyň ýuridik şahslaryna gurluşyk we önümçilik maksatly ýer bölekleri berler

13:0201.10.2022
0
39422

Düýn geçirilen Hökümet mejlisinde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow döwlet Baştutanyna ýur­duň ýu­ri­dik şahs­la­ry­na gur­lu­şyk we önüm­çi­lik mak­sat­la­ry üçin ýer bö­lek­le­ri­ni peý­da­lan­ma­ga ber­mek ha­kyn­da Buý­ru­gyň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­t­da oba ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­rleri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ de­giş­li Buý­ru­ga gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň