Merkel: Russiýa geljekde Ýewropanyň howpsuzlygynyň bir bölegi bolmalydyr

13:4103.10.2022
0
14272
Merkel: Russiýa geljekde Ýewropanyň howpsuzlygynyň bir bölegi bolmalydyr
Surat: m24.ru

Germaniýanyň öňki kansleri Angelа Merkel Ýewropanyň ählumumy howpsuzlyk arhitekturasynyň döredilmeginiň zerurdygyny hem-de RF-niň hem bu işe gatnaşmagynyň gerekdigini belledi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» saýty ýazýar.

Şeýle pikiri Merkel ýurduň Aşaky Saksoniýa diýen ýerindäki Goslar şäherinde geçen çärede eden çykyşynda aýtdy. Öňki kansler Russiýanyň gatnaşmagynda Ýewropanyň ählumumy howpsuzlyk gurluşyny döretmegiň zerurdygyny nygtady. Merkel köp tagalla etmeli bolsa-da, şeýle işi alyp barmagy dowam etmegiň gerekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň