Eýranyň Prezidenti ŞHG-a goşulmak boýunça kanun taslamasyna gol çekdi

12:0001.10.2022
0
18913
Eýranyň Prezidenti ŞHG-a goşulmak boýunça kanun taslamasyna gol çekdi
Surat: rbc.ru

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi düýn ýurduň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmagy boýunça kanun taslamasyna gol çekdi diýip, TASS habar berdi.

Öň, şu ýylyň 15-nji sentýabrynda Eýran ŞHG-nyň Samarkant şäherinde geçen sammitinde gurama agzalyga girmek boýunça borçlar babatda memoranduma gol çekipdi.

IRNA habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, EYR-niň Prezidenti Raisi golaýda teleýaýlym boýunça eden çykyşynda: «Eýranyň ŞHG-daky agzalygy möhüm wakadyr we biz ykdysady babatda Aziýanyň infrastrukturasyna baglydyrys» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň