Soňky habarlar

Arhiw

«Ezber_tech» dükany kompýuter tehnikasyny hem-de elektronikany bejermäge we satmaga ýöriteleşendir

10:3801.10.2022
2
17670

Elektronika enjamlarynyň we kompýuter tehnikalarynyň asyry hasaplanýan häzirki döwürde biz bir gün bolmasa ýene bir gün olaryň döwülýän ýa-da bökdençlik döreýän mahalyna gabat gelýäris.

Beýle ýagdaýda şol özümizdäki kompýuterdir beýleki bir enjamy bejerdenimiz gowumy ýa täzesini satyn alanymyz ýerliklimi? Bu sowalymyza hünärmenler ikirjiňlenmän jogap tapýarlar.

Enjamlaryň işinde ýüze çykýan näsazlyga has laýyk geljek hyzmaty Size «Ezber_tech» dükany ýetirip biler. Bu ýerdäki IT-hünärmenler degişli ugurda islendik gyzyklanma döredýän meseleler boýunça maslahat berip hem-de dogry saýlaw etmäge ýardam edýärler.

«Ezber_tech» dükanynyň alyp barýan işiniň esasy gönükýän ugry kompýuterleriň, olaryň düzüm bölekleriniň, aksessuarlaryň we beýleki baglanyşykly materiallaryň satuwydyr. Mundan başga-da, ýetirilýän hyzmatlaryň hataryna kompýuter tehnikalaryny bejermek we profilaktika, kompýuterleri kämilleşdirmek, programma üpjünçiligini girizmek we gurnamak ýaly işler girýär. Şunuň bilen birlikde, dükanyň hünärmenleri kompýuterleri islendik talaba laýyklykda düzmegi, testirlemegi hem-de PK-ny diagnostika etmek işlerini ýetirip berýärler.

«Ezber_tech» internet dükanyndan bolsa alyjylar «Xiaomi» ekoulgamynyň köpdürli haryt görnüşlerinden telewizorlar, marşrutizatorlar, kiçi göwrümli hojalyk tehnikalary, durmuş we gözellik üçin «akylly» enjamlar, şeýle-de beýleki elektrik harytlar bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde dükan tarapyndan geçirilýän arzanladyşlar we aksiýalar barada maglumatlar ýetirilip durulýar.

Dükanyň harytlarynyň içinde başga-da hojalyk tehnikalarynyň giň görnüşleri, elektrotehnikalar, klimatik hem-de multimediýa enjamlary, sport önümleri hem-de mebeller bar.

Bu ýerde zähmet çekýän hünärmeniň bellemegine görä, dükan alyjylaryň dykgatyna dünýäniň iň öňdebaryjy öndürijileriniň harytlaryny amatly bahalardan ýetirmäge çalyşýar.

«Ezber_tech» internet dükanynda hasaba alynmak bilen müşderiler tiz sargyt etmek mümkinçiligine eýe bolmak bilen, hasabyny dolandyryp hem-de ozalky eden söwdalaryny görüp bilerler. Bu ýerde hasaba ýazylan müşderiler baýrak ballaryny toplaýarlar we harytlary arzan almaga şert döredýän peteklere eýe bolýarlar. Dükanyň hemişelik müşderilerine bolsa ýeňillikler döredilip, özbaşdak hyzmatlar ýetirilýär.

Dükanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 11-nji kiçi etrapça, «Gündogar» bazary, 67-nji dükan.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 96 66 88, (+993 63) 66 59 92, (+993 62) 50 79 25.

Web saýty: www.ezber.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň