Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna plastik önümleri öndürijileriň işine goldaw bermek barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda polietilenden we polipropilenden önümleri öndürýän kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen, ikilenç çig mal hökmünde isleg bildirilýän polimerleriň önümçilik galyndylary emele gelýär. Ýurtda öndürilýän plastik önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde we eksportyň möçberini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky işleri giňeltmek hem-de ýerli haryt öndürijileriň çig mal bilen üpjünçiligini goldamak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, senagat pudagynyň ösdürilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberini we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de olary çig mal bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça başlanan giň gerimli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.