TÝL ― 2022: «Altyn asyr» myhmançylykda «Köpetdagy» ýeňdi

23:5630.09.2022
0
22528

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyryndaky paýtagt derbisinde «Köpetdag» adybir stadionda «Altyn asyry» kabul etdi. Duşuşyk myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Altyn asyra» möhüm ýeňşi getiren goly 61-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi.

Bu ýeňişden soňra utugyny 24-e çykaran «aragatnaşykçylar» ýene-de ikinji orna gaýdyp geldiler. Tapgyrda «Ahalyň» hem utuk ýitirmegi bilen olar öňdebaryja 5 utuga çenli ýakynlaşdylar.

18 utukly «Köpetdag» bolsa dördünji orunda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň