Soňky habarlar

Arhiw

Britan zikgehanasy Karl III keşbi şekilendirilen şaýy pul bilen tanyşdyrdy

16:5530.09.2022
0
18537
Britan zikgehanasy Karl III keşbi şekilendirilen şaýy pul bilen tanyşdyrdy
Surat: gazeta.ru

Patyşalygyň zikgehanasy täze patyşa Karl III keşbi ýerleşdirilen ilkinji şaýy pullary hödürledi diýip, edaranyň saýtynda habar berildi.

«Biz britan patyşalygy üçin eýýäm 1100 ýyldan hem gowrak wagt bäri pul zikgeleýäris... Biziň üçin Beýik Britaniýada ilkinji bolup, Onuň Alyhezretleri Karl III keşbini zikgelemek uly hormatdyr» diýip, resmi habarda bellenýär.

Şaýy puluň ýüzünde: «Patyşa Karl III, Ýaradanyň ýalkawy bilen ynanjyň goragçysydyr» diýlen ýazgy bar.

Beýik Britaniýanyň Patyşasy şeýle-de milli anglikan kilisesiniň hem başlygy bolup durýar. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň