Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda Günbatar-Gündogar gaz geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygy başlandy

16:3630.09.2022
0
17850
Hytaýda Günbatar-Gündogar gaz geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygy başlandy
Surat: belta.by

Hytaýda ýurduň günbataryndan gündogaryna tebigy gazy eltmek taslamasynyň çäklerinde Günbatar-Gündogar gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyna başlanandygy resmi habar berildi.

Gaz geçirijiniň täze ugrunyň uzynlygy 3340 kilometre deň bolar. Ol ýurduň Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynyň Usýa uezdinden badalga alyp, Ninsýa-Hueý awtonom etrabynyň Çžunweý şäherinde tamamlanar. Bu barada «Belta.by» saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň