Hindistanda lukmanlar hassanyň garnyndan 63 çemçe çykardylar

14:2930.09.2022
0
20269
Hindistanda lukmanlar hassanyň garnyndan 63 çemçe çykardylar
Surat: gazeta.ru

Hindistanda lukmanlar hassanyň aşgazanyndan 63 sany çemçe çykardylar diýip, «Mirror» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu olaryň işinde ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolunýan ýagdaýdyr.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, erkek kişi garnyndaky ýiti agyry zerarly hassahana ýüz tutupdyr. Ilkibada lukmanlar onda garyn çişme keseli bardyr öýdüpdirler, emma içgin gözden geçirilende, olar haýran galypdyrlar. Görlüp oturylsa, hassanyň garnynda 63 sany çemçe bar eken.

Lukmanlar gyssagly operasiýa girişipdirler, ol iki sagada çekipdir.
«Men 35 ýyllyk iş tejribämde şunuň ýaly ýagdaýa duçar bolmandym» diýip, operasiýany geçiren hirurg boýun alypdyr.

Dogan-garyndaşlary onuň şeýle ýol bilen haýsydyr bir keselden gutulmakçy bolandygyny aýdýarlar. Lukmanlar «Hiç bir akyly ýerindäki adam beýle işi edip bilmez» diýýärler.

Öň Irlandiýada lukmanlar bir hassa zenanyň garnyndan 55 sany batareýa çykarypdyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň