Soňky habarlar

Arhiw

«Levi's» kömürturşy gazynyň howa taşlanýan möçberini nol dereje azaltmakçy

11:2230.09.2022
0
14736
«Levi's» kömürturşy gazynyň howa taşlanýan möçberini nol dereje azaltmakçy
Surat: forbes.com

«Levi's» amerikan kompaniýasy ýene 27 ýyldan kömürturşy birtaraplygyny gazanmaklygy maksat edinýär diýip, WWD neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Kompaniýa golaýda ýaýradan ekologik ösüş boýunça ikinji ýyllyk hasabatynda ady tutulan döwre çenli kömürturşy gazynyň howa taşlanýan möçberleri babatda nolluk derejäni gazanmakçydygyny habar berdi. «Iň gowy zady satyn al, uzak geýin» tutumynyň çäklerinde brend şeýle-de parnik gazlarynyň howa taşlanýan möçberlerini azaltmak, himiki maddalara we suwuň sarp edilişine gözegçilik etmek babatda maksatlary kesgitlemek isleýär.

«Levi's» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Çip Berg munuň häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmekde işjeň hereket etmek maksady bilen amala aşyryljakdygyny nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň