Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Merw» ― «Nebitçi» möwsümde iň kän pökgi geçirilen duşuşyk boldy

11:5630.09.2022
0
23958

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyryndaky «Merw» ― «Nebitçi» duşuşygy (6:2) möwsümiň iň kän pökgi geçirilen duşuşyk boldy. Hasapdan hem görnüşi ýaly, duşuşyk 8 gol bilen tamamlandy.

Mundan ozal möwsümde diňe bir duşuşyk 8 gol bilen tamamlanypdy. Ol 3-nji tapgyrdaky «Ahal» ― «Energetik» (8:0) duşuşygydyr.

Şeýle hem möwsümde üç duşuşyk 7 gol bilen tamamlandy. Has takygy, 1-nji tapgyrda «Ahal» «Nebitçini» 7:0, 6-njy tapgyrda «Şagadam» «Köpetdagy» 5:2, 9-njy tapgyrda ýene-de «Şagadam» «Nebitçini» 6:1 hasabynda ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň