Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan EGDI reýtinginde 21 basgançak ýokarlady

11:2330.09.2022
0
17410
Türkmenistan EGDI reýtinginde 21 basgançak ýokarlady
Surat: publicadministration.un.org

Her 2 ýyldan bir gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri departmenti (UN DESA) tarapyndan yglan edilýän Elektron hökümetleriň reýtinginiň 2022-nji ýyldaky netijeleri mälim edildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistan geçen gezekki reýtingdäki ornundan 21 basgançak ýokarlap, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň okgunly öňe ilerlän döwlet boldy. Guramanyň resmi sýtynda habar berlişi ýaly, täzelenen sanawda 2020-nji ýyldaky reýtinge garanyňda, Gazagystan we Gyrgyzystan 2 basgançak, Täjigistan 4 basgançak, Özbegistan bolsa 18 basgançak öňe ilerläpdir.

Ýeri gelende bellesek, «E-Government development index» diýlip atlandyrylýan bu reýting üç ugur: onlaýn hyzmatlar, telekommunikasiýa infrastrukturalary we adam maýasy boýunça seljermeleri öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň