TÝL ― 2022: «Nebitçi» möwsümdäki 40-njy pökgini geçirtdi

10:3230.09.2022
0
14422

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminde geçiren 11 duşuşygyndan soň «Nebitçiniň» derwezesine geçirden gollarynyň sany 40-a tegelendi. Juda şowsuz möwsüm geçirýän topar derwezesine geçirden gollarynyň sany boýunça iň ýakyn bäsdeşinden hem 16 golluk pes netije görkezýär.

Ýaryş tertibi «Altyn asyryň» şu möwsümde derwezesine iň sak topardygyny görkezýär. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 10 duşuşykda 6 pökgi goýbertdiler. Ýaryş tertibiniň başyny çekýän «Ahal» bolsa derwezesini 7 goldan halas edip bilmedi.

Derwezäniň sak goragy babatynda üçünji orunda «Merw» bilen «Şagadam» bar. Iki topar hem yzda galan duşuşyklarda 14 pökgi geçirtdiler. Ýöne «Merwiň» 11, «Şagadamyň» 10 duşuşyga çykandygyny ýatladýarys.

Şeýle hem yzda galan duşuşyklarda garşydaş futbolçylar «Köpetdagyň» derwezesine 17, «Aşgabada» 18, «Energetige» bolsa 26 pökgi geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň