Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň çempiony ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi bilen bolan duşuşykda ýeňlişden halas boldy

23:5103.05.2015
0
4665

Şu gün “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň häzirki çempion “Altyn asyr” bilen Kubogyň eýesi “Ahalyň” arasyndaky soňa süýşürilen duşuşygy geçirildi. Birinji aýlawyň esasy oýny hasaplanýan bu duşuşyk ilkibaşda 15-nji martda geçirilmelidi. Ýöne “Ahalyň” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşynyň toparça böleginde çykyş edýändigi üçin ol 3-nji maýa süýşürilipdi.

Geçen hepdede AFK-nyň Kubogynyň eýesi bolan Kuweýtiň “Al-Kadsiýasy” bilen agyr oýun geçiren “Ahala” garanyňda, “Altyn asyryň” bu wajyp duşuşyga ykjam taýýarlanmaga 5 gün artyk wagty bolupdy.

Muňa garamazdan, birinji ýarym “Ahalyň” birneme artykmaçlygynda geçdi we “Altyn asyryň” derwezesine geçirilen, ýöne hasap edilmedik gol arakesmä çenli duşuşygyň esasy wakasyna öwrüldi: sütünüsti germewe degip gaýdan pökgini Mihail Titow eli bilen derwezä gönükdirdi. Emin goly hasap etmedi we “Ahalyň” oýunçysyna sary petek görkezdi.

Ikinji ýarym “Altyn asyryň” derwezesine geçirilen gol bilen başlandy 49-njy minutda pökgi çep gyradan ýokardan 11 metrlik urgynyň ýerine ýetirilýän nokadynyň töweregine Gurban Annaýewe geçirildi. Onuň ýerine ýetiren kelle urgysy bolsa goragça degip, derwezä girdi.

Şondan soň, “Altyn asyr” oýny öz eline alyp, garşydaşyň derwezesiniň alkymynda amatly pursatlaryň birnäçesini döretdi. Netijede çempion ýeňlişden duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda halas boldy. 11 metrlik urgyny gazanan ýaş hüjümçi Selim Nurmyradowyň özi-de ony dürs ýerine ýetirmegi başardy. Bu Kazanyň “Rubininiň” ýaşlar toparynyň öňki oýunçysynyň şu çempionatdaky netijeli üçünji 11 metrlik urgusydyr.

Duşuşygyň ahyry dartgynly ýagdaýda geçdi. Emin futbolçylary birneme köşeşdirmek üçin 89-njy minutda Umytjan Astanowy (“Altyn asyr”) we Gurban Annaýewi (“Ahal”) oýundan çykarmaga mejbur boldy.

Şeýlelikde, şu duşuşykdan soň, “Altyn asyr” 21, “Ahal” bolsa 17 utuk toplady. Ýöne “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň toparynyň bir oýun az geçirendigini bellemek gerek.

Birinji aýlawyň soňa süýşürilen ýene bir oýny galdy. “Balkan” bilen “Ahalyň” arasyndaky bu duşuşyk 20-nji iýunda Balkanabatda geçiriler.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

«Altyn asyr» – «Ahal» – 1:1 (0:0)

3-nji maý. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Selim Nurmyradow 86 11 metrlik urgudan, Gurban Annaýew 49.

Duýduryş alanlar: Myrat Annaýew 24, Ahmet Ataýew 29, Serdar Annaorazow 48, Nazar Çöliýew 51, Süleýman Muhadow 60, Myrat Hamraýew 24, Mihail Titow 29, Alibek Abdurhmanow 56, Damar Batyrow 75.

Oýundan çykarylanlar: Umytjan Astanow 89, Gurban Annaýew 89.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow.

9-njy tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 10 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 8.

Didar Durdyýew ("Hazyna") – 8 (1).    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň