TÝL ― 2022: «Aşgabat» «Energetigi» ýeňip, ýaryş tertibinde bir basgançak ýokary galdy

23:5729.09.2022
0
24306

Paýtagtyň «Aşgabat» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Energetigi» kabul edip, garşydaşyndan üstün çykdy. Düýn ― 29-njy sentýabrda «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 7-nji minutda Hydyrgeldi Atdjanow geçirdi.

Bu ýeňişden soň utugyny 9-a çykaran «Aşgabat» ýaryş tertibinde «Energetik» bilen ýerini çalşyp, altynjy basgançaga göterildi. Duşuşygy myhmançylykda geçiren topar bolsa 7 utukda galdy.

12-nji tapgyryň çäginde «Aşgabat» 4-nji oktýabr güni «Nebitçiniň» myhmany bolar. «Energetik» bolsa şol gün «Şagadamy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň