ÝHHG-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirmekçi

09:2630.09.2022
0
27065

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa ŞMID Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Ol bu barada türkmen döwletiniň Baştutanyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatynda ýaňzytdy.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Size we türkmen halkyna gutlaglarymy ýollaýaryn» diýlip hatda aýdylýar.

Helga Mariýa Şmid öz hatynda şu ýyl ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasynda berk we özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny ýatlap, netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirýär.

«ÝHHG sebitinde we onuň çäkleriniň daşynda wehimleriň yzygiderli dowam edýän döwründe ysnyşykly gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikler ýüze çykýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýada hem-de ÝHHG sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyr. Geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň bilen Wenada ýa-da Aşgabatda duşuşmagy özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn» diýlip, hatda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň