Aşgabatdan Minskä uçuşlaryň tertibi belli boldy

22:3729.09.2022
3
70715

«Minsk» milli howa menzili öz resmi web sahypasynda Aşgabat (Türkmenistan) - Minsk (Belarus) - Türkmenabat (Türkmenistan) ugurlarynyň uçuş tertibini ýerleşdirdi.

Habar berilmegine görä, uçuşlar 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda başlar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Aşgabat - Minsk - Türkmenabat ugry boýunça şenbe günleri uçar.

Uçar Aşgabatdan Minskä sagat 10:35-de uçup, 15:35-de (GMT+3) gonar. Gaýdyşyn bolsa Minskden Türkmenabada 17:35-de uçup, 22:35-de (GMT+3) gonar.

Uçuş wagty iki ugur boýunça hem, takmynan, 4 sagat bolar.

Ýeri gelende bellesek, şu gün Türkmenistanyň Belarus bilen yzygiderli uçuşlary dikeldendigi mälim boldy. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary hem amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň