Soňky habarlar

Arhiw

Floýd Meýwezer “asyryň söweşinde” Menni Pakýaony ýeňdi

23:1403.05.2015
0
3123

Amerikaly boksçy Floýd Meýwezer derejeli söweşde filippinli Menni Pakýaony ýeňdi. Bilermenleriň “asyryň söweşi” diýip atlandyran duşuşygy Amerikanyň Newada ştatynda geçirildi we eminleriň biragyzdan gelen kararyna görä, amerikaly boksçynyň peýdasyna tamamlandy — 118:110, 116:112, 116:112.

Şeýlelikde, 38 ýaşly Meýwezer 66, 68 kilogram agramlyk derejede üç ugur — Bütindünýä boks asosiasiýasy (WBA), Bütindünýä boks geňeşi (WBC) we Bütindünýä boks guramasy ugurlary boýunça dünýä çempiony boldy.

Netijede bäş agram derejede ýeňiji bolan Meýwezer geçiren 48 söweşiniň ählisinde ýeňiş gazandy (28-sini nakaut bilen). Sekiz agram derejede öňe saýlanan, WBO ugry boýunça dünýä çempionlygyny elden gideren filippinli boksçy altynjy ýeňlişe sezewar boldy. Onuň 57 ýeňiş (38-si nakaut bilen), iki deňlik gazanandygyny bellemek gerek.

Heniz söweş başlanmanka onuň boksuň taryhynda iň gymmat söweş boljagy we birbada birnäçe rekordy täzelenjekdigi hemmelere aýandy. Demirgazyk Amerikanyň neşirleriniň maglumatlaryna görä söweş üçin amerikaly boksçy 150-den 180 million, filippinli bolsa 100-den 120 million dollara çenli gazanarlar. Öňki rekord hem hut Meýwezere degişlidi. Ol 2013-nji ýylda meksikaly Saul Alwarese garşy söweşde 41,5 million dollar gazanypdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň