Arhiw

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Russiýanyň kaliý ýükleriniň Eýrana geçmegini üpjün eder

16:2029.09.2022
0
17168

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Uralkaliý» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guramagynda şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Solikamsk demirýol menzilinden ugran kaliý ýükli 380 sany wagon Gazagystan Respublikasynyň çäginden geçip, Türkmenistan arkaly üçünji ýurtlara tarap ýola çykdy.

24 müň 982 tonna barabar bolan ýükler Gazagystanyň Bolaşak menzilinden Türkmenistanyň Sarahs stansiýasyna geler we ol ýerden soňky menzilene — Eýranyň

Bender-Abbas deňiz portyna barar. Bu ýerden kaliý ýükli wagonlar gämiler arkaly gündogar Aziýa ýurtlary bolan Hindistan, Wýetnam, Indoneziýa we beýleki ýurtlara ugradylar.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Sarahs menzilinde bu ugurda ugradylýan wagonlary garşylamak, resmileşdiriş işlerini geçirmek hem-de ýük gatnawlarynyň operatory bolup çykyş edýär. Şeýle hem degişli wagonlaryň tekerleriniň çalşylyp, Eýranyň Bender-Abbas portuna çenli ugradylmagynda möhüm orny eýelär.

Umuman alanyňda, 33 müň tonna ýük Türkmenistanyň çäginden umumy uzynlygy 1 müň 313 kilometr bolan ugur boýunça tapgyrlaýyn geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň