Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky kiçi kärhanalara Ýewropadan maddy ýardam berler

15:5029.09.2022
0
21196

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky we Ýewropa bileleşigi Merkezi Aziýada mikro, kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek maksatly täze taslamany ýola goýdy. Guramanyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu barada prezident Odil Reno-Basso bilen Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň duşuşygynda aýdyldy.

Täze maksatnama Özbegistandaky, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky we Türkmenistandaky we mikro, kiçi hem-de orta kärhanalary maliýeleşdirmäge, şeýle hem nou-haular bilen üpjün etmäge ýardam berer.

Beýanata görä, ÝTÖB-iň Prezidenti we Ýewropa komissary Brýusselde iki guramanyň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän täze Maliýe hyzmatdaşlygynyň şertnamasyna gol çekdiler.

Ýeri gelende aýtsak, ÝTÖB-iň 28,6 million ýewrolyk bu maksatnamasynyň 5,3 million ýewrosy Ýewropa bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň