Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi meýilleşdirilýär

16:0729.09.2022
0
23718
Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi meýilleşdirilýär
Surat: Trend.az

Azerbaýjan Respublikasy Hazarýaka ýurtlary bolan Türkmenistan we Gazagystan bilen aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenýär. Bu barada Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew Rumyniýada geçirilen Halkara Telekommunikasiýa bileleşiginiň bäşinji mejlsiniň dowamynda habar berdi.

Resmi azerbaýjan internet neşirleriniň beýan etmegine görä, ýurtda maglumat we «ýaşyl» tehnologiýalary ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda, Azerbaýjanda 2024-nji ýyla çenli internet bilen üpjünçilik boýunça taslamasynyň üstünde işlener, milli elektron goly bolan «bulut tehnologiýalary» önümçilige ornaşdyrylar. Şeýle-de sanly ulgam boýunça iş alyp barýan azerbaýjan kompaniýalary, döwlet edaralary sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek işine gatnaşarlar. Şeýlelikde, Azerbaýjan Gazagystan we Türkmenistan bilen bilelikde, Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär.

Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Günorta Kawkaz, Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda sanly hyzmatlary alyşmaga mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň