Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji utugyny gazandy. Türkmen futzalçylary Bahreýniň ýygyndysy bilen 4:4 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
Şu gün El-Kuweýt şäherinde geçirilen duşuşygyň ilkinji 20 minudy biziň ildeşlerimiziň ýeňşi bilen tamamlandy. Olar birinji ýarymy 3:2 hasabynda öňde tamamladylar. Ikinji ýarymda garşydaşyň derwezesine ýene bir pökgi geçiren türkmen futzalçylary öz derwezesinde iki pökgi gördüler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy iki duşuşykda toplan 1 utugy bilen heniz hem ýaryş tertibiniň dördüni basgançagynda. Ildeşlerimiziň çärýek finala çykmagy üçin Täjigistanyň ýygyndysynyň şu gün Özbegistandan we şenbe güni biziň ildeşlerimizden utulmagy gerek bolar.