Internetde Asteriks we Obeliks barada täze filmiň treýleri peýda boldy

15:1929.09.2022
0
19430
Internetde Asteriks we Obeliks barada täze filmiň treýleri peýda boldy
Surat: kinopoisk.ru

Fransiýanyň «Pathe» kinostudiýasynyň «Asteriks we Obeliks: Asman şalygy» atly täze filminiň resmi treýleri internet sahypalaryna ýerleşdirildi. Filmde kino ýyldyzy Žerar Depardýeni aktýor Žil Leluş çalyşdy.

Asteriksiň keşbini täze filmde režissýor Giýom Kane ýerine ýetirdi. Wensan Kassel Sezaryň keşbinde çykyş edýär. Marion Kotiýar bolsa Şa aýal Kleopatranyň keşbinde surata düşdi. Filmde, şeýle-de aktýor Pýer Rişar hem-de futbol oýunçysy Zlatan Ibragimowiç surata düşdüler, meşhur futbol oýunçysy Antiwirusyň keşbinde çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň