Soňky habarlar

Arhiw

Jiu-jitsunyň ussatlary Aziada — 2017-ä taýýarlanýar

14:1903.05.2015
0
7305

Paýtagda tamamlanan söweş jiu-jitsusy boýunça Türkmenistanyň çempionaty ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden güýçli türgenleri bir ýere jemledi. Gündogaryň başa-baş göreşiniň bu görnüşi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna girýär. Şonuň üçinem bu ýaryşy Aziada — 2017-ä taýýarlygyň nobatdaky tapgyry hökmünde hem görmek bolar.

Erkekleriň arasynda 62 kg agram derejede birinji ýeri Kerim Döwletow, ikinji orny Myrat Gimmiýew (ikisem Aşgabat) eýelediler. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Maksat Seýitmämmedow (Mary welaýaty) bilen Meýlis Kakabaýew (Daşoguz welaýaty) çykdylar — diýip, “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.

69 kg agram derejesinde Abdylla Babaýew (Aşgabat) altyn, Batyr Taňryberdiýew (Daşoguz welaýaty) kümüş medallara mynasyp boldular. Bürünç medal Mekan Nurjykowa (Aşgabat) we Döwlet Ýoldaşewa (Daşoguz) gowşuryldy.

76 kg agram derejesinde baýrakly orunlaryň ählisini aşgabatly türgenler eýelediler. Hormat münberiniň ýokary basgançagyna Döwlet Çeppiýew çykdy. Allanur Abalakow ikinji, Daňatar Ýagmyrow bilen Mekan Gurbandurdyýew üçünji netijeler bilen ýaryşy jemlediler.

84 kg agram derejesinde birinji we ikinji orunlary degişlilikde daşoguzly pälwanlar Ahmet Babanyýazow we Rustam Rozmetow eýelediler. Bürünç medala aşgabatlylar — Dörtguly Jumaýew bilen Arslan Hojadurdyýew mynasyp boldular.

Gyzlar ýedi agram derejesinde güýç synanyşdylar. Netijede Hurma Abdylowa (52 kg, Mary), Dinara Rozykulowa (56 kg, Lebap welaýaty), Merjen Ýatçikowa (60 kg, Daşoguz welaýaty ), Göwher Atdaýewa (64 kg, Mary welaýaty), Gurbansoltan Orazmedowa (68 kg, Daşoguz welaýaty), Läle Nuryýewa (80 kg, Mary welaýaty), Ogulşirin Nurmetowa (80 kg-den ýokary agram, Daşoguz welaýaty) ýeňiji boldular.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň