Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşlar «Halklaryň dostlugy» forumyna gatnaşarlar

12:3729.09.2022
0
31000
Türkmenistanly ýaşlar «Halklaryň dostlugy» forumyna gatnaşarlar
Surat: uzdaily.uz

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň 15-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek «Halklaryň dostlugy» atly halkara ýaşlar forumyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu forum Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň ýaşlar guramalarynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň A.M.Gorçakow adyndaky jemgyýetçilik diplomatiýasyny goldamak gaznasynyň hem-de Moskwanyň döwlet lingwistika uniwersitetiniň bilelikde guramagynda geçiriler. Bu barada rus internet neşirleri habar berýär.

Russiýadaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndaky Merkezi Aziýa halklarynyň diasporalarynyň wekilleri, şeýle-de russiýaly hünärmenler gatnaşarlar.

Foruma gatnaşyjylar migrasiýa syýasaty, ýaşlar bilen bagly döwlet kanunçylygy, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaly meseleler boýunça pikir alşarlar. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde A.M.Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyny goldamak Gaznasy tarapyndan leksiýalar guralar hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň ýaş alymlarynyň, ýaş telekeçileriniň duşuşyklary geçiriler. Şeýle-de gatnaşyjylar üçin forumyň çäklerinde medeni meýilnamalar hem göz öňünde tutulypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň