Täze Zelandiýanyň paýtagtyna ýekegapanlar çozýarlar

12:3029.09.2022
0
18406
Täze Zelandiýanyň paýtagtyna ýekegapanlar çozýarlar
Surat: ru.wikipedia.org

Täze Zelandiýanyň Wellington paýtagt şäherini ýekegapanlar doldurdylar diýip, «New York Post» gazeti habar berdi. Olar ýabany tebigaty ýok edýärler hem-de adamlara hüjüm edýärler.

Naomi Stenkamp atly ýerli ýaşaýjynyň gürrüň bermegine görä, ol soňky birnäçe aýyň içinde 60 geçisini ýitiripdir, olary ýekegapanlar iýipdirler. Ýagdaý şeýlebir kyn welin, bu aýalyň adamsy öz howlusyny goramak üçin bir ýekegapany atmaga mejbur bolupdyr. Şäheriň häkimiýetleri ýagdaýdan habarlydyklaryny aýdýarlar.

Ýekegapanlar diňe bir ýerli ilaty we öý haýwanlaryny gorkuzman, ýerli häkimiýetleriň tokaýlary dikeltmek hem-de ýerli ösümlik dünýäsini janlandyrmak boýunça tagallalaryna hem päsgel berýärler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň