Kanadalyny 30 ýyl ýaşan konteýnerinden göçürýärler

10:4329.09.2022
0
14812
Kanadalyny 30 ýyl ýaşan konteýnerinden göçürýärler
Surat: gazeta.ru

Kanadanyň ýaşaýjysyny 30 ýyllap ýaşan konteýnerinden göçürýärler diýip, «LADBibl»-e neşirine salgylanyp, «Gazeta.ru» ýazýar. Erkek kişi konteýneriň içini oňat abatlapdyr we özüni adaty öýdäkiden kem duýmaýandygy aýdýar, emma ýerli häkimiýetler onuň bilen ylalaşmak islemeýärler.

Netijede, ýerli häkimiýetler 65 ýaşly Stiwen Gibbsona konteýnerden çykmak barada alty aý möhlet berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, ýaşaýjynyň sümelgesi ýaşaýyş jaý däl-de, oba hojalyk maksatly binalara degişlidir. Kanadaly bu çözgüt bilen ylalaşman, kazyýete ýüz tutsa hem, goldaw tapmandyr.

«Bärde (konteýnerde) hezil günüm bardy, bu meniň üçin iň amatly ýer, bäriniň ýaşaýjylary hem meni gowy görýärler» diýip, erkek kişi gürrüň berýär.

Stiwen diňe bir ýaşaýan konteýnerini boşatman, 8500 dollar möçberde jerime tölemeli hem-de ýaşaýan ýerini ilkibaşky görnüşine getirmeli edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň