Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar gelýär

09:4929.09.2022
0
13969
Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar gelýär
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dünýä döwletlerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary iberýänler Prezident Serdar Berdimuhamedowy milli baýram —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglygyny we üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärler.

Şu günki «Türkmenistan» gazetinde beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Saud Arabystanynyň Patyşasy, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saud, Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI, Belgiýanyň Patyşasy Filipp, Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr, Malaýziýanyň Patyşasy Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Almarhum Sultan Haji Ahmad Şah Al-Mustain Billa, Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory Dewid Hýorli we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň