Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna badalga berilýär

14:0029.09.2022
0
29649
Türkiýede Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna badalga berilýär

Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkiýe Respublikasynyň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary badalga alýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu oýunlara türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Nobatdaky sport baýramçylygynda türkmen türgenleri sportuň alyş göreşi, pahlawani, gazak göreşi we kuraş görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.

Oýunlara gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynda bolýan türkmen toparyna 42 adam wekilçilik edýär. Şolaryň 30-sy türgenlerdir, 6-sy tälimçiler, 6-sy bolsa resmi wekiller hem-de sport hünärmenleridir.

Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary 2-nji oktýabrda tamamlanar.

Türkmenistandan bu ýaryşa TRT-Ýyldyz teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň