Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Tatarystanda türgenleşýär

10:2529.09.2022
0
14742
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Tatarystanda türgenleşýär

Şu günler Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary Tatarystan Respublikasynyň Zelenodolsk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Türkmenistanly agyr atletikaçylar bu ýerde Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Nobatdaky Aziýanyň çempionaty 6 ― 16-njy oktýabr aralygynda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçiriler. Yklym çempionatyna ykjam taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysynyň wekiliýeti 14-nji sentýabrdan bäri Tatarystan Respublikasynda türgenleşik işlerini alyp barýar. Ýygyny yklym çempionatynyň öňüsyrasynda Bahreýn Patyşalygyna gider.

Tatarystan Respublikasynda bolýan agyr atletikaçylar toparymyza 19 adam wekilçilik edýär. Bu wekiliýet 15 türgenden, 3 tälimçiden we ýörite wekilden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň