Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyna garaşylýar

23:1428.09.2022
0
26600
Gazagystanda Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyna garaşylýar
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden gutlag haty gelip gowuşdy. Gazak Lideri gutlag hatynda kärdeşini we ähli türkmen halkyny gazagystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adyndan milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Prezident Serdar Berdimuhamedowa jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw edýär.

«Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Siziň ýurduňyz döwletliligiň esaslaryny pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak işlerinde uly üstünlikleri gazandy. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döredijilik ýoluny üstünlikli dowam etdirjekdigine, döwletiň abadançylygynyň, ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn.

Bilelikdäki tagallalar arkaly häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Siziň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparyňyzyň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açyp, özara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn» diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew öz hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň