Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

22:5728.09.2022
0
29575

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň çäklerinde, ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmana şanly sene mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşýandygy hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdelerini çykarmak we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belledi.

Öz nobatynda, Piter Kallos köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleýän «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen kenarynda geljegi uly uglewodorod ýataklaryny işläp geçmek hem-de nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň