Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «John Deere» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

22:3628.09.2022
0
27332
Serdar Berdimuhamedow «John Deere» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň çäklerinde, döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Türkmenistana gelen «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli halkara işewürlik gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny, «John Deere» kompaniýasynyň bolsa ýurduň obasenagat toplumynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini, ýurda getirilýän tehnikalaryň işiniň netijeliligine türkmen ekerançylarynyň ýokary baha berýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda işewür türkmen döwletiniň Baştutanyna ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi hem-de «John Deere» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmegi we Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekiş we hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýändigini belledi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlap, özünde uly täsir galdyran baýramçylyk çärelerine gatnaşandygyna örän şatdygyny nygtady. Şeýle-de bildirilýän ynama tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, «John Deere» kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň