Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi

22:2328.09.2022
0
33747
Serdar Berdimuhamedow  Wladimir Putine gynanç bildirdi
Surat: yakutsk.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýurduň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şol sanda bigünä çagalaryň köpüsiniň heläk bolmagyna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň