Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistana 11,5 müň tonna sement eksport etdi

16:5428.09.2022
0
15543

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistana sement eksport etmekde ilkinji bäş döwletiň hataryna girdi. Bu barada resmi özbek internet neşirleri habar berýär.

2022-nji ýylyň 8 aýynyň dowamynda Türkmenistan Özbegistana jemi 11,5 müň tonna sement eksport etdi. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan dördünji orunda ýerleşipdir. Özbegistanyň sement importynyň ilkinji bäşliginde Türkmenistan bilen birlikde, degişli yzygiderlilikde, şu döwletleriň ady getirilýär: Täjigistan, (625 müň tonna), Gyrgyzystan (458 müň tonna), Gazagystan (409 müň tonna), Eýran (9,8 müň tonna).

Ýeri gelende bellesek, ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny şu ýylyň 8 aýynda ýarym milliard amerikan dollaryndan geçipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň