Soňky habarlar

Arhiw

Aktýor Kristian Beýl kärdeşi Kris Rok bilen gürleşmekden ýüz öwürdi

17:0828.09.2022
0
15445
Aktýor Kristian Beýl kärdeşi Kris Rok bilen gürleşmekden ýüz öwürdi
Surat: filmpro.ru

Amerikaly kino ýyldyzy Kristian Beýl «Amsterdam» filmi surata düşürilýärkä, kärdeşi Kris Rok bilen gepleşmekden ýüz öwrendigini «IndieWire» neşiriniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Ol muny wäşi kärdeşi Krisiň hemişe özüni güldürip, işden ünsüni sowandygy bilen düşündirdi. Artistiň üznüksiz degişmelerinden ýaňa ol ünsüni döredýän keşbinde jemläp bilmändir.

«Men ahyrsoňy onuň ýanyna baryp: «Dost, maňa seniň bilen gürrüňçilik hoş ýakýar, emma men indi mundan aňryk muny başarjak däl. Sebäbi režissýor (Dewid O. Rassel) maňa bu kinodaky keşbimi diňe kikirdäp oturmagymy isläp däl-de, Bert bolmagym üçin ynandy. Ol meniň gahrymanym Bert bolmagymy isleýär, emma seniň ýomaklaryň sebäpli nädip Bert bolmalydygyny unudýaryn diýdim» diýip, aktýor gürrüň berdi.

Beýl şeýle-de kino surata düşýärkä, beýleki adamlardan çete çekilýändigini, sebäbi munuň öz keşbine has içgin girişmäge kömek edýändigini sözüniň üstüne goşdy. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň