Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda çagalar üçin dynç alyş seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy

16:0128.09.2022
0
29339

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin täze döwrebap dynç alyş seýilgähi ulanylmaga berildi.

Seýilgäh S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 2020-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap hökmünde alan 1 million ABŞ dollarynyň hasabyna guruldy.

Etrap merkeziniň «On ýyl abadanlyk» köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Galkynyş eýýamy» atly döwrebap seýilgähiň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Täze seýilgähiň 1,5 gektara barabar umumy meýdanynyň esasy bölegini çagalar üçin dürli görnüşli atraksionlaryň dokuzysy eýeleýär. Bag-bossana bürelen giňişligiň beýleki bir böleginde bolsa, awtodrom, naharhana, edara binasy ýerleşýär.

Ozal etrap merkezinde gurulýan çagalar dynç alyş seýilgähiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň