«Citroёn» 1919-njy ýyldaky nyşanyna gaýdyp geldi

13:3328.09.2022
0
15659
«Citroёn» 1919-njy ýyldaky nyşanyna gaýdyp geldi
Surat: gazeta.ru

«Citroёn» awtoulag kompaniýasy özüniň önümleriniň täzelenen logotipi bilen resmi tanyşdyrdy, ony kompaniýany esaslandyryjy Andre Sitroýen işläp düzdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Biz özümiziň geljege dahylly maksatlarymyzy täze nyşanyň üsti bilen aýdyňlaşdyrmak isledik, Andre Sitroýen tarapyndan taýýarlanan nyşan bolsa, muny aýdyň şöhlelendirýär» diýip, kompaniýanyň hünärmenleriniň biri gürrüň berdi.

Täze tassyklanan ýarlygyň asyl nusgasy 1919-njy ýylda döredilipdi, ol biraz üýtgedilip, eýýäm hasap boýunça onunjy gezek kompaniýa tarapyndan ulaglarda peýdalanylar. Üýtgedilen logotip golaý günlerde müşderilere gowuşjak täze awtoulaglarda ulanylar. 2023-nji ýylyň ortalaryndan başlap, ony «Citroёn» kompaniýasynyň ähli awtoulaglarynda ýerleşdirip başlarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň