Soňky habarlar

Arhiw

Filippo Grandi BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygyna saýlandy

11:2928.09.2022
0
12269
Filippo Grandi BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygyna saýlandy
Surat: unhcr.org

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Filippo Grandini Guramanyň Bosgunlaryň işi boýunça baş komissary wezipesine gaýtadan saýlady diýip, «Trend» habar berdi.

Grandi bu wezipäni 2016-njy ýylyň ýanwaryndan bäri eýeläp gelýär, Baş Assambleýanyň çözgüdi esasynda onuň ygtyýarlylyklary 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy. Çözgüt ses berlişiksiz kabul edildi.

Grandi italiýaly diplomat, ol BMG-niň düzümlerinde 1988-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Onuň işlän ýerleriniň hatarynda Siriýa, Yrak, Türkiýe we Afrikanyň dürli ýurtlary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň