Arhiw

Abu-Dabidäki belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi

00:0428.09.2022
0
32366

Birleşen Arap Emirlikleriniň iň belent binalarynyň biri bolan Abu-Dabidäki Milli nebit kompaniýasynyň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň şekiline bürendi. Bu barada şäheriň dolandyryşy habar berdi.

ADNOC binasynyň beýikligi 342 metre ýetýär. Ol 76 gatdan ybaratdyr.

Mundan ozal Dubaýdaky «Burk-Halifa» binasyna hem türkmen döwletiniň baýdagynyň şekili berlendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň