Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli at çapyşyklary geçiriler

17:4727.09.2022
0
34142

28-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk toplumynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler.

Baýramçylyk çapyşyklarynyň meýilnamasyna laýyklykda, ýaryşlar 6 çapyşykdan we jemleýji — ýedinji çapyşykdan ybarat bolar. Ýaryşyň ilkinji üç çapyşygynda 3 ýaşar bedewler 1600 metr aralyga, 4-5-nji çapyşykda hem 4 we uly ýaşar bedewler 1800 metr, şeýle-de 6-7-nji çapyşykda bolsa 2200 metr aralyga ýaryşarlar. Jemleýji çapyşykda ýeňiş gazanan bedew ýaryşyň Baş baýragyna — Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgadyna mynasyp bolar.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli at çapyşyklaryň her ýylda geçirilmeginiň eýýäm asylly däbe öwrülendigini bellemek bolar. Nobatdaky guraljak ýaryşa hem Türkmenistanyň birnäçe atçylyk toplumlarynyň iň ýyndam bedewleri, şeýle-de tejribeli hem-de ýaş çapyksuwarlar gatnaşar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek at çapyşyklarynyň ýeňijilerine, ýagny 1-nji at çapyşygynyň ýeňijisine maliýe we ykdysadyýet toplumy tarapyndan 100 müň manat, 2-nji at çapyşygynyň ýeňijisine nebitgaz toplumy tarapyndan 100 müň manat, 3-nji at çapyşygynyň ýeňijisine söwda toplumy 100 müň manat, 4-nji at çapyşygynyň ýeňijisine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan 100 müň manat, 5-nji at çapyşygynyň ýeňijisine gurluşyk we senagat toplumy 100 müň manat, 6-njy at çapyşygynyň ýeňijisine oba hojalyk toplumy 100 müň manat, Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragynyň — 7-nji at çapyşygyň ýeňijisine 300 müň manat möçberinde baýraklar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň