Italiýanyň öňki Premýer-ministri Silwio Berluskoni ýurduň Parlamentine wagtyndan öň geçirilen saýlawlarda Senata saýlandy. Bu barada TASS habarlar gullugy ýurduň IIM-niň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
85 ýaşly syýasatçy «Öňe, Italiýa!» partiýasynyň ýolbaşçysy bolmak bilen, Lombardiýa oblastynyň Monsa saýlaw okrugynda saýlawçylaryň sesleriniň köplügini alyp, ýeňiş gazandy. Berluskoniniň Senatyň başlyklygyny eýelemegi mümkin. Bu Italiýada Prezidentden soň ikinji uly wezipedir.
2019-njy ýylda Italiýanyň öňki Premýer-ministri Berluskoni Ýewropa Parlamentiniň deputaty boldy, ol indi bu wezipäni terk eder.
Italiýada Parlament saýlawlary 25-nji sentýabrda geçirildi, sesleriň 90 göterimi sanalandan soňra saýlawlarda «Italiýanyň doganlary», «Öňe, Italiýa!» we «Liga» partiýalaryndan ybarat bolan koalisiýa öňdäki orna çykdy.
Saýlawçylaryň iň ýokary goldawyna «Italiýanyň doganlary» partiýasy eýe boldy (Senatda sesleriň 26,39 göterimi we Deputatlary palatasynda — 26,44 göterim). Bu partiýanyň lideri, hanym Jorja Melani Italiýanyň täze Premýer-ministri bolup biler.