Bangladeşdäki gämi heläkçiliginde 32 adam heläk boldy

15:2727.09.2022
0
16005
Bangladeşdäki gämi heläkçiliginde 32 adam heläk boldy
Surat: Firoz Al Sabah/AFP

Bangladeşde ýolagçy gämisi gark bolup, 32 adam pida boldy. Bu barada ýurduň Pançagarh ülkesiniň polisiýasynyň başlygy Sirajul Huda habar berdi diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Habarda kyrk adamyň dereksiz ýitendigi aýdylýar, olaryň gözleg işleri alnyp barylýar.

Gäminiň agdarylmagynyň sebäbi boýunça deslapky çaklamada oňa bolmalysyndan artyk ýolagçy mündürilendigi görkezilýär, ýagny gämide 100 töweregi ýolagçy bar eken.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň