Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä döwletleri Garaşsyz Türkmenistany gutlaýarlar

10:3227.09.2022
0
10077

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Olaryň arasynda dünýä döwletleriniň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan gelýän hatlar hem bar. Hatlary iberýänler Prezident Serdar Berdimuhamedowy milli baýram —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglygyny we üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärler. Bular şu günki «Türkmenistan» gazetinde beýan edilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakob, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbun, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň